📋 Tender Overview
2025-nji yylyn 5-nji awgustynda <<Awaza>> milli syyahatcylyk zolagynda Hazaryaka dowletlerinin wekillerinin yygnagy gecirildi.
Turkmen tarapynyn guran caresine Azerbayjanyn, Eyranyn, Gazagystanyn, Russiyanyn we Turkmenistanyn yokary derejeli wekilleri gatnasdylar.
Gatnasyjylar Hazar denzinde ekologik howpsuzlygy we dasky gursawyn goraglylygyny upjun etmek, Hazar denzinin biodurluligini gorap saklamak we cesmelerinden rejeli peydalanmak baradaky dusunjelerini paylasdylar. Hazar denizinin suwunyn derejesinin pese dusmegi bilen bagly meselelere ayratyn uns berildi.
Turkmenistanyn Ministrler Kabinetinin Baslygynyn Orunbasary, Dasary isler ministri Rasid Meredow oz cykysynda Hazaryaka dowletlerinin bastutanlarynyn sammitlerinde kabul edilen cozgutlere we ylalasyklara layyklykda ozara gatnasyklary utgasdyrmagyn mohumdigini belledi. Hazar denzinin dasky gursaw bilen bagly meselelerini cozmekde Turkmenistanyn isjen garaysyna uns cekildi.
Turkmenistanyn Hazar meselesi boyunca alyp baryan isjen syyasaty ayratyn nygtaldy. Su nukdaynazardan, Turkmenistanyn Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyn BMG-nin Bas Assambleyasynyn 78-nji sessiyasynyn umumy mejlisinde one suren Hazaryn ekologik baslangyjyny durmusa gecirmek boyunca alnyp barylyan isler bellenildi.
Dususygyn yokary guramacylyk derejesi ucin turkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, dasary yurt wekiliyetlerinin agzalary Hazaryn meseleleri boyunca konstruktiw dialogy dowam etdirmage ygrarlylyklaryny beyan etdiler.